YLMY NUTUKLARYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI JEMLENDI
58Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen kitap okamagyň biraýlygynyň çäklerinde «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» atly ylmy nutuklaryň döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Talyplaryň işjeň gatnaşan bäsleşiginiň jemleri boýunça uniwersitetimiziň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Begenç Baýramow baş baýraga mynasyp boldy. Onuň «Nusga bize baý mazmunly eseriňiz, berkarar zamanaň bagtly nesli biz» atly ylmy nutugy hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyna bagyşlanypdyr. Onda ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak babatda edilýän aladalar, döredilýän şertler barada bellenilýär.
Uniwersitetimizde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Olardan netijeli peýdalanýan, «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň işjeň agzasy bolan Begenç Baýramow ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli döredijilik, zehin bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýär. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döwlet derejesindäki döredijilik bäsleşiginiň hem ýeňijisi boldy.
Begenç Baýramow «Ýaş weterinar lukmany» atly ylmy gurnagyň agzasy bolup, öz hünärini, weterinar lukmançylygynyň ylmy esaslaryny çuňňur özleşdirýär, bu ugurda ylmy işleri alyp barýar. Şeýle-de ol ýokary okuw mekdebimiziň «Garagum» edebiýat birleşmesiniň döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp, täze-täze goşgulary bilen çykyş edýär. Ol çeper sözleriň üsti bilen ata Watana, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly köňül kelamyny beýan edýär. Onuň goşgulary ýaşlaryň kalbynda joşgun döredýär.
Biz öz talyp ýoldaşymyzyň şeýle üstünliklerine guwanýarys. Onuň her bir üstünligi bizi hem ruhlandyrýar, ylym-bilimiň we döredijiligiň ak ýolunda ylham berýär. Biz oňa mundan beýläk-de uly üstünliklere ýetip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenleriň biri bolup ýetişmegini arzuw edýäris.
Selbi SERDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň
mehanizasiýasy fakultetiniň melioratiw işleri
mehanizmleşdirmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby.