ÝURDUMYZDA TEJRIBELIK GEÇÝÄN ÖZBEGISTANLY TALYPLAR UGURDAŞ EDARA-KÄRHANALARA BARYP GÖRDÜLER
40Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň ýurdumyzda tejribelik geçýän talyplary ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp gördüler.
Şeýle-de talyplar Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän «Nur» önümçilik söwda gurluşyk hojalyk jemgyýetiniň «Nur miwe» ýyladyşhanasyna, «Tudana» haryt nyşanly ýertudana önümçiligi boýunça ýyladyşhanalar toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenlerdir professor-mugallymlar döwrebap ýyladyşhanalarda önümçiligiň guralyşy, şol sanda innowasion suwaryş usullary hakynda gürrüň berdiler. Olarda önüm öndürmek üçin has oňaýly şertleriň awtomatik ýagdaýda döredilişi, şol sanda kadaly howa hem-de ýagtylyk, çyglylyk şertleriniň üpjün edilişi, ösümlikleriň iýmit gurşawynyň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylyşy hakynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdany barha artýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalyk ekinlerini ýapyk şertlerde ýetişdirmekde uly tejribe topladylar. Ýyladyşhana hojalyklarynyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti uludyr. Olar ilaty ýylboýy ter gök önümler bilen üpjün edýärler, iş orunlaryny döredýärler. Türkmenistanyň hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri içerki we daşarky bazarlary pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň, ýertudananyň we beýleki azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edýärler. Türkmenistanyň ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilýän önümler dünýä bazarlarynda meşhurlyk gazanyp, ýurduň esasy eksport harytlaryna öwrüldi.
Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök-miwe önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, oba hojalygynyň umumy ösüşine ýardam edýär. Hususy hojalyklarda sitrus ekinlerini ýetişdirmekde toplanan tejribeler hem talyplarda gyzyklanma döretdi.
Tejribelik okuwlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlary, ýapyk toprak şertlerinde önümleri ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary barada pikir-tejribe alşyldy.
Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat
ulgamlary we sanly tehnologiýalar
kafedrasynyň mugallymy.