ÖZBEGISTANLY TALYPLAR ÜÇIN MEDENI MAKSATNAMA TAÝÝARLANYLDY

22
Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler. Goňşy döwletden gelen myhmanlar üçin tejibelik okuwlary bilen ugurdaş medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Olar 28-nji iýunda uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Dabarada türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar, başga-da birnäçe daşary ýurt aýdymlarydyr tanslary ýerine ýetirildi. Özbegistanly talybyň çykyşlary has-da täsirli boldy. 

Tejribelik geçýänler saparyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine hem baryp görerler. Aşgabadyň gözel ýerlerine we taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç ederler. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Gadymy Nusaý galalary we «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bilen tanşarlar. Olaryň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri hem meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda tejribelik geçýän özbek talyplary üçin dynç alyş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hem mümkinçilikler döredildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52