ÝOKARY BILIMDE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEKDE GAZANYLANLAR WE ÖŇDE DURAN WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

38
17 — 20-nji iýunda Fransiýanyň Nissa şäherinde «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň 11-nji halkara maslahaty geçirildi. Fransiýanyň Côte d’Azur uniwersiteti, Indoneziýa uniwersiteti bilen bilelikde guralan forum ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi ulgamynda gazanylanlary, şol sanda durnukly ösüş taslamalaryny halkara derejede wagyz etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda örän netijeli boldy.

«Ýokary bilimde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek: Biziň guramamyzyň we jemgyýetimiziň taryhy» atly tema bagyşlanan maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki ekologik başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen geçirildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy Begenç Ýowbagşyýew, Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy Kadyr Amanow hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň müdiri Serdar Gedaýew bu maslahatda ýurdumyza wekilçilik etdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdebi bilen bir hatarda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2023-nji ýylda «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna goşuldy. Ol 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça  abraýly halkara sanawda 474-nji orna eýe boldy.

Maslahatyň çäginde birnäçe bölümde çykyşlar diňlenildi, pikir alyşmalardyr tanyşdyryşlar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýokary hünär bilimi ýurduň, dünýä hojalygynyň ösüşinde, öňde duran wezipeleriň, möhüm çagyryşlaryň çözülmeginde, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýän Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýylda «UI GreenMetric World University Ranking» bütindünýä uniwersitetler reýtingini esaslandyrdy. Onuň esasy maksady hünär okuw mekdepleriniň durnukly ösüş, ekologiýa babatdaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini bahalandyrmakdan ybaratdyr. Ol dünýä uniwersitetleriniň 6 ugur, ýagny uniwersitet düzümleri we olaryň daşky gurşawa täsiri; energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanyşynyň görkezijileri; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa babatda bilim bermek we ylmy gözlegler; suwdan rejeli peýdalanmak; ulag syýasaty boýunça görkezijilerini bahalandyrýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri «Galyndylaryň durnukly dolandyrylyşy: Maldarçylyk galyndylaryndan organomineral dökün öndürmek» atly taslama bilen tanyşdyrdylar. Onda oba hojalyk galyndylaryny ekologiýa taýdan howpsuz usulda gaýtadan işläp, organomineral dökünleri taýýarlamagyň ýollary beýan edilýär.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Serdar Gedaýew Chlorella vulgaris mikrosuwotusyndan alnan bioýangyjyň durnukly energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanylyşy, şeýle-de suwaryş suwlarynyň ekologiýa taýdan arassa usulda gaýtadan işlenilişi barada ýurdumyzda alnyp barlan ylmy barlaglaryň netijelerini gürrüň berdi. 

«UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň 11-nji halkara maslahatynyň çäginde gurama täze agzalar kabul edildi hem-de ýokary bilimde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylanlar we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52