UNIWERSITETIMIZDE ÖZBEGISTANLY TALYPLAR TEJRIBELIK GEÇÝÄRLER

42
2025-nji ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Onuň çäklerinde guralýan tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy, 5 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby ýurdumyza gelip, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdi.

Saparyň ilkinji güni myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdyryldy. Ertirden başlap olar professor-mugallymlarymyzyň umumy sapaklaryna gatnaşarlar, ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp görerler. Şeýle-de goňşy döwletden gelen myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Tejribelik geçýänler onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine hem baryp görerler.

Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 6 — 17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymyny, 10 talybyny hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymyny, 10 talybyny Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçmäge ugratmak meýilleşdirilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52