«MILLI MEDENIÝETIMIZ WE SUNGATYMYZ HALKYMYZYŇ RUHY BAÝLYGYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
3525-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda hormatly Prezidentimiziň: «Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär» diýen sözleriniň many-mazmuny, durmuşa geçirilýändigi giňden beýan edildi. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi, Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, kitap okamak we kitaplaryň gadyr-gymmaty, oba hojalyk ylymlarynyň ösüşleri, bilim özgertmeleriniň rowaçlanyşy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahat «Türkmeniň maddy we ruhy medeniýeti dünýä nur çaýýan şamçyragdyr», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pyragynyň waspy», «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýe mekdebi», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi.
Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrülýändigini buýsanç bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!» diýen sözleriniň many-mazmunyny wagyz etdiler.
Maslahatyň dowamy ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Olarda milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi, sungatymyzyň inçeligi we baý many-mazmuny şöhlelendirildi.
«Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürýän, Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.