YLMY IŞLER BOÝUNÇA BÄSLEŞIKDE ÝEŇIJI BOLAN MUGALLYMLARYMYZY GUTLAÝARYS!

309
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilen Ylymlar güni uniwersitetimiz üçin hoş habarlara beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Karary esasynda:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Parahat Aşirgeldiýewiç Rejepsähedow (1-nji orun — noutbuk, temasy: «Gleditsia triacanthos bagynyň miweleriniň gabyklaryndan galaktomannan öndürmegiň taýýarlanyş tehnologiýasyny işläp düzmek»);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Şamyradowna Gaýlyýewa (1-nji orun — noutbuk, temasy: «Gözel Şagulyýewanyň watançylyk temasyndaky şygyrlarynyň şahyrana leksikasynyň aýratynlygy»);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň mugallymy Mähri Bäşimowna Hojamuhammedowa (2-nji orun — kompýuter, temasy: «Ykdysadyýeti ösdürmekde innowasiýalaryň ähmiýeti»);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Güljemal Çaryýewna Berdinazarowa (3-nji orun — telewizor, temasy: «Türkmenistandaky tebigy seolitiň bedeneleriň ösüşine ýetirýän täsiri») Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglandy.

Ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan mugallymlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52