YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BIZIŇ ŞU GÜNKI HEM-DE GELJEKKI ÖSÜŞLERIMIZIŇ ESASYDYR

243
10-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergisini synladylar. Sergide uniwersitetiň talyplarynyň gazanan üstünlikleri, şol sanda diplomlary, medallary, kuboklary hem görkezildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde ylym-bilimiň ähli ösüşleriň binýadydygy, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary we ylym-bilim ulgamlarynda utgaşykly alnyp barylýan özgertmeler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biotehnologiýanyň ösüşleri, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar ýaşlaryň ylmy gadamlary hakynda çykyşlar diňlendi.

Hormatly Prezidentimiziň «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýän ylmy barlaglar hakynda gürrüň edildi. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmekde, ýaş alymlaryň neslini kemala getirmekde, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmakda öňde duran wezipelere üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, oba hojalyk ylymlaryna aýratyn üns berilýär. Obasenagat toplumyny, oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek ugrunda öňdengörüjilikli özgertmeler amala aşyrylýar.

Maslahat ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda ylym-bilim ulgamynyň beýik ösüşleri wasp edildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar uniwersitetde geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine hödürlenen işler bilen tanyşdylar.

Soňra maslahat «Ylym — nurana geljege ak ýol», «Sanly bilim ulgamy — ykdysady ösüşleriň kepili», «Kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi.

«Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasydyr» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52