HALKARA YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANYLDY
3945-nji iýunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Ylymlar güni mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ylmy-taslama bäsleşigi Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, üçünji gezek guraldy.
«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 131 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 36 sany ylmy-taslama işiniň awtorlary gatnaşdylar.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 18 ylmy-taslama işiniň awtorlary ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 3-si daşary ýurtlaryň 15-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Netijede, birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji orna 8 ylmy-taslama işi mynasyp boldy. Birinji orna mynasyp bolanlar Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlarydyr. Şeýle-de ýeňijileriň arasynda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary bar.
Uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ylmy-taslamalar, ýurdumyzda daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan sergiler guraldy. Dabarada ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, beýik ösüşleriň waspy ýetirildi. Oňa gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.