«WETERINARIÝADA YLMY BARLAGLARYŇ ESASLARY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY

45
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Weterinariýada ylmy barlaglaryň esaslary» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Töre Garlyýewiň täze okuw kitaby 6 bapdan, 264 sahypadan ybarat. Kitapda Weterinariýada ylmy barlaglaryň esaslary dersinden okuwy guramagyň düzgünleri we ony yzygiderli alyp barmagyň usulyýeti beýan edilýär. Ylmy barlaglaryň usullaryny bilmek talyplaryň döredijilikli pikirlenmesiniň ösmegine we bu ugurda alyp barýan işlerini guramaga ýardam edýär. Okuw kitaby okuw döwrüniň dowamynda nazaryýeti sanly bilim ulgamy esasynda öwrenmegiň netijesinde saýlanyp alnan tema ýerine ýetirilende hökmany gerek bolan maglumaty almakda, oňa seljerme bermekde, ylmy barlaglary meýilleşdirmekde we geçirmekde, barlagyň netijesini nazary maglumatlar bilen deňeşdirip görmekde uly ähmiýete eýedir. 

Weterinariýa ylmy weterinariýanyň döreýşini, ösüşini we profilaktiki (ätiýaçlyk) iş arkaly ýokanç we ýokanç däl keselleri ýok etmekde, oba hojalyk mallarynyň sagdyn sürüsini döretmekde, şeýle-de halk köpçüligini haýwanlara we adamlara umumy bolan kesellerden goramakda ýeten derejesini öwrenýän ylymdyr. Kitapda bellenilişi ýaly, weterinariýa ylmy iki bölümden — umumy we bölekleýin weterinariýadan durýar. Birinji bölümi weterinariýa ylmynyň döreýşiniň, ösüşiniň we gazanan tejribesiniň kanunalaýyklygyny, ikinji bölümi aýratynlykdaky ylmy (mallaryň anatomiýasy we fiziologiýasy, zoogigiýena, parazitologiýa, epizootologiýa, farmakologiýa we başgalar), weterinariýa jemgyýetini öwrenýär. Weterinariýa ylmy umumy we nazary okuwlarda alnan bilimi baýlaşdyrýar, weterinar lukmanynyň gözýetimini giňeldýär, weterinariýa ylmynyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygyny açyp görkezýär. 

Täze kitap ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şol ugurdan işleýän ylmy işgärler, professor-mugallymlar we hünärmenler üçin niýetlenendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52