ÝURDUMYZYŇ TALYPLARYNYŇ BIOTEHNOLOGIÝA BOÝUNÇA I INTERNET DERS BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

328
21-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden jemi 85 talyp gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.

Bäsleşik «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp guraldy. Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi zehinli talyplary ýüze çykarmakda, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmekde, giňişleýin pikirlenmek ukybyny ösdürmekde, talyplary ylmy gözleglere ugrukdyrmakda, olaryň okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmakdan, döwlet we halkara bäsleşiklere taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakda, önümçilik-gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy-amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde hem-de talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda örän netijeli boldy.

Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52