HYZMATDAŞ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERIMIZ BILEN SANLY ULGAM ARKALY OKUW SAPAKLARY GURALÝAR
14420-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň arasynda «Geomaglumat ulgamy boýunça programma üpjünçiligini oba hojalygynda netijeli ulanmak» atly tema boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasy bilen onlaýn okuwlar yzygiderli guralýar. Akademiýanyň agrosenagat toplumynyň ykdysady ulgamlarynyň matematiki modelirlemesi kafedrasynyň müdiri, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent Ýelena Karaçewskaýanyň «Oýunlaryň nazaryýeti. Tebigat bilen baglanyşykly oýunlar» temasyndaky, «Goretskiý elewator» şäher unitar kärhanasynyň binýadyndaky dolandyryş kafedrasynyň müdiri, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent Ýelena Kokitsiň «Geoykdysadyýet we geosyýasat» temasyndaky sapaklaryna uniwersitetimiziň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Golaýda uniwersitetimiziň oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Muhammetgeldi Çopanow akademiýanyň talyplaryna «Awtomatiki elementleriň ýerine ýetirýän işleri we häsiýetnamalary» atly temada sapak berdi.
Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat
ulgamlary we sanly tehnologiýalar
kafedrasynyň mugallymy.