ÝAŞ MEÝLETINÇILER BÄSLEŞDILER

148
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde meýletinçi talyplaryň arasynda rus dili boýunça «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşik geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu abraýly halkara foruma gatnaşjak meýletinçileri taýýarlamak boýunça okuwlar, dürli çärelerdir bäsleşikler geçirilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere işjeň gatnaşjak ýaş wagyzçylary, meýletinçilerdir terjimeçileri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şeýle maksatlar bilen geçirilen bäsleşik jemi 3 tapgyrdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda talyplar rus dilinde test soraglaryny çözmekde, 2-nji tapgyrynda düzme ýazmakda we 3-nji tapgyrynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini beýan etmekde bäsleşdiler. Rus dili boýunça bilim-düşünjeleri bilen aýratyn tapawutlanan şu aşakdaky talyplar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi:

I orun — dokma önümçiligi fakultetiniň mata önümçiligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýperi Muhammedowa.

II orun — oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dawut Döwletow.

III orun — oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 1-nji ýyl talyby Arslan Rahmetow.

Ýeňiji bolan talyplar uniwersitetiň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan sowgatlary bilen sylaglandy.

Şöhratmyrat PÄLIWANOW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Tikin 
önümçiligi kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52