AZYK ÖNÜMLERINI GAÝTADAN IŞLEMEKDE TEBIGY IÝMIT GOŞULMALARY BILEN BAÝLAŞDYRMAGYŇ YLMY ESASLARY ÖWRENILÝÄR

111
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde azyk önümlerini gaýtadan işlemekde tebigy iýmit goşulmalary bilen baýlaşdyrmagyň ylmy esaslary, Türkmenistanyň ýerli alma sortlaryndan pýure taýýarlamagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmek ýaly azyk senagatynyň ösüşinde möhüm meselelere bagyşlanan temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Bu ugurda ýurdumyzyň ylmy institutlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen hem hyzmatdaşlyk edilýär. Ylmy barlaglaryň çäklerinde pişikdyrnak (Lagonichim farstum) derman ösümliginiň ýurdumyzyň Magtymguly etrabynyň dag eteginden, Ahal welaýatynyň dag eteginden, Mary we Lebap welaýatlarynyň çöllük ýerlerinden alnan nusgalary boýunça fiziki-himiki barlaglar geçirildi. Bu barlaglaryň netijesinde önümçilige ylmy esasly teklipler hödürlenildi. 

Uniwersitetiň rektory A.Gapurowyň alma miwelerinden ýokumlylygy artdyrylan pýure taýýarlamak boýunça ylmy işinde ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän «Renet Simirenko», «Golden delişes» we «Starkrimson» alma sortlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär. Taýýarlanan pýuräniň ýokymlylygyny artdyrmak maksady bilen, ýerli dermanlyk häsiýetli ösümlik bolan pişikdyrnagyň dänesi, kädiniň owradylan çigitleri goşulýar. Şeýle-de Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek  kafedramyzda «Renet Simirenko» hem-de «Çüli» alma sortlaryndan taýýarlanýan pýure önümlerine kädi çigidini goşup, olaryň ýokumlylygyny artdyrmagyň usullary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Bu önümleriň adam saglygy üçin ýaramlylyk derejesi seljerilýär.

Kädi çigitleri kislorodly iýmitleriň okislenmek ukybyny peseldýär we adamyň gan damarlarynda döreýän holesteriniň azalmagyna ýa-da asla döremezligine ýardam berýär, netijede, ýürek-damar gan aýlanyşygynyň sazlaşykly geçmegine oňaýly şert döredýär. Alma miwelerinden taýýarlanýan pýureleriň düzüminde pektin maddalary, witaminler, makro we mikroelementleriň birnäçesi saklanýar.

Maýa MISEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk 
önümlerini gaýtadan işlemek  
kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52