KONSTITUSIÝAMYZ WE DÖWLET BAÝDAGYMYZ DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERIMIZIŇ EBEDILIGINI YKRAR EDÝÄN MILLI BUÝSANJYMYZDYR

110
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň ebediligini ykrar edýän milli buýsanjymyzdyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň aýratyn many-mazmuna beslenýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Çykyşlarda «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň täze galkynyşlaryň ýurdy, ýaşyl baýdagymyzyň parahatçylygyň nyşany hökmünde dünýäde tanalýandygy, oba hojalyk özgertmeleriniň hukuk binýadynyň berkidilýändigi buýsanç bilen beýan edildi.

Şeýle-de çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilen konstitusion özgertmeleriň ähmiýetiniň beýan edilýändigine üns çekdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işleriň netijesinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň»,  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» we beýlekileriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleri giňeldilýär.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Soňra maslahat «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň agzybirliginiň nyşanydyr», «Döwlet nyşanlaryna sarpa ýaşlaryň watansöýüjilik ýörelgesidir», «Ylym we tehnika — ösüşleriň hereketlendirijisi», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimizden ugur alýan beýik özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52