TALYPLAR SUHANGÖÝLÜK BÄSLEŞIGINDE DIL TAÝÝARLYGYNYŇ ÝOKARY DEREJESINI GÖRKEZDILER
14714-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda daşary ýurt dillerinde suhangöýlük bäsleşigi geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralan bäsleşige talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Has takygy, ýokary okuw mekdepleriniň hersinden bäsleşigiň saýlama tapgyrynda aýratyn tapawutlanan 1 talyp ikinji — jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar bije çekip, özlerine mälim bolmadyk temalar boýunça improwizasiýa görnüşinde 3 minudyň dowamynda çykyş etdiler. Çykyşlarda Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz, ata Watanymyzyň dürli pudaklardaky ösüşleri dogrusynda gyzykly gürrüň edildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde I orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýaran Hudaýberdiýew, II orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Allanazar Orazmyradow bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Jahansoltan Geldiýewa, III orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merjen Nepesowa, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Rejep Begnyýazow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Durdygözel Orazowa dagy mynasyp boldy we Hormat haty bilen sylaglandy.