MEKDEP OKUWÇYLARY GENETIKA BOÝUNÇA BÄSLEŞDILER
31014-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda genetika boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi guramaga uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşi, agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasy işjeň gatnaşdy.
Okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň genetika, biotehnologiýalar boýunça taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, nazary we amaly okuwlarda alan bilimlerini hem-de başarnyklaryny berkitmek maksady bilen geçirilen bäsleşik örän gyzykly geçdi. Ol şahsy bäsleşik görnüşinde guralyp, okuwçylar soraglaryň we meseleleriň 50-sinden ybarat barlagnamany çözmekde zehinlerini görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylara şertleri ýerine ýetirmek üçin 60 minut wagt berildi. Her bir sorag çylşyrymlylygyna görä, 1 — 5 bal aralygynda bahalandyryldy we iň köp bal toplanlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşikde we onuň netijelerini jemlemekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň biologik dürlüligi nazara alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde genetika we bioinženeriýa, öýjük we molekulýar biologiýa, mikrobiologiýa, biotehnologiýa boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ýaşlaryň genetika boýunça bilim-düşünjelerini artdyrmagyň ähmiýeti uludyr. Bäsleşigiň çäklerinde biologiýa ugruna degişli hünärleri öwrenmekde genetika dersiniň ähmiýeti wagyz edildi.
«Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp guralan bäsleşigiň ýeňijilerine uniwersitetiň rektorlygynyň Diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.