«AÇYK GAPYLAR» GÜNI GEÇIRILDI
19710-njy maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki 2-nji, 3-nji, 20-nji, 61-nji, 82-nji, 140-njy orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle-de onlaýn görnüşde welaýatlardaky orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebimizde «Açyk gapylar» güni 15-nji martda, 12-nji aprelde hem geçirilipdi.
Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak we uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy işler, geçirilýän medeni-köpçülik, sport çäreleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen guralan çäre ýaşlarda hünäre söýgi döretmekde örän netijeli boldy. Olar uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine, tikinçilik okuw otagyna hem baryp gördüler.
«Açyk gapylar» gününde oňa gatnaşyjylara Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okadylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlary, uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, bilim ojagynyň maddy-enjamlaýyn binýady, şol sanda döwrebap okuw-tejribe otaglarydyr okuw merkezleri barada gyzykly gürrüň berildi. Ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, gazanylýan üstünlikler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.