SAGDYN DURMUŞ WE MILLI AHLAK ÝÖRELGELERI WAGYZ EDILDI
2447-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1 — 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň maýilnamasyny» durmuşa geçirmek, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam saglygy barada edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» laýyklykda, zyýanly endiklere garşy göreşmek we sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralýan şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary aýratyn ähmiýetlidir.
Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.