BEÝIK ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

249
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeginde, bilim ojaklarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde giňden bellenilýär. 5-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Merdana pederlerimiziň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. 1941 — 1945-nji  ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar! Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Ýeňiş gününiň beýik watançylyk günüdigi,  türkmen halkynyň 1941 — 1945-nji Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen zähmet edermenlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda parahatçylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň çeper özboluşlylygy, Watan gahrymanlarynyň edermenliginiň ebedidigi, «Ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň merdana nesilleriň kämillik mekdebidigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Soňra maslahat «Ýeňiş güni parahatçylyk söýüjilikli garaýyşlary, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir»,  «Saba turup, Watan, seni çaglar men», «Ylym — ösüşleriň ygtybarly binýady», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowame etdi. Olarda Watanyň şöhratly ogullary Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly, Mälikguly Berdimuhamedowyň «Ýeňiş biziňki bolar», «Uruş ýyllaryna düşdi ykbalym» ýaly goşgularynda Watan goragynyň mukaddesligi hakynda çykyşlar diňlendi. Baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň parahatçylyk merkezidigi hakyndaky çykyşlarda Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň many-mazmuny beýan edildi. Onda nygtalyşy ýaly, sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Beýik Ýeňşe bolan ynamyň beýany, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, Beýik Ýeňşiň şöhratly ýolunyň «Hatyra», «Şöhrat» kitaplarynda beýan edilişi hem-de ahalteke bedewleriniň Ýeňiş ýörişleriniň bezegidigi hakynda we başga-da birnäçe mowzuklarda gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berk ygrarly ýurdumyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52