MAKALA ÝAZMAK BOÝUNÇA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

504
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guran «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi jemlendi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, şu talyplar ýeňiji boldular:

1. Guwanç Ödäýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl talyby — baş baýrak;

2. Zyýada Ataýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby — I orun;

3. Röwşen Şyhberdiýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby — II orun;

4. Aýsona Amanjaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby — III orun.

Ýeňijileri gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys hem-de döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşan talyplaryň ählisine köp sagbolsun aýdýarys.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52