OBA HOJALYK YLYMLARYNYŇ WE TEHNOLOGIÝALARYNYŇ ÖSÜŞLERI HAKYNDA YLMY-AMALY MASLAHAT
4097-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Oba hojalyk ylymlarynyň we tehnologiýalarynyň ösüşi azyk bolçulygynyň we ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň şertidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatlardan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys» diýen sözlerini buýsanç bilen nygtadylar.
Çykyşlarda oba hojalyk özgertmeleriniň halkymyzyň bolelin ýaşaýşynyň binýadydygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz, alym Arkadagymyz oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek boýunça işlere elmydama uly üns berip, öňdengörüjilikli wezipeleri kesgitläp berýär. Oba hojalyk pudagynda ylmy işleri yhlas bilen dowam etdirmek, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, pagtanyň we bugdaýyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, gallanyň we pagtanyň bol hasyly bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem ýokary hasyl almak, munuň üçin bolsa topraga öz wagtynda ideg etmek, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, bu ugurda milli ekerançylyk däplerini, dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça anyk wezipeler öňde goýulýar.
Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýaly halkara guramalar bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanda obalary şäherler bilen deň derejede ösdürmäge, oba ýaşaýjylarynyň şertlerini döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Netijede, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli gowulandyrylýar.
Şeýle-de maldarçylygy, guşçulygy, bagçylygy, ýyladyşhana we balykçylyk hojalyklaryny ösdürmek, bu ugurlara öňdebaryjy usullary, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler dowam etdirilýär. Mallaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk maksatly ýerleriň netijeli peýdalanylmagyny gazanmak boýunça ylmy esasly işler alnyp barylýar. Oba hojalygynda iş alyp barýan kiçi we orta telekeçilere giň goldaw berilýär.
Maslahata gatnaşanlar oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, azyk bolçulygyny, sagdyn iýmitlenmegi üpjün etmek ugrundaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Mähriban DÖWRANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň oba
hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň
oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.