BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANDY

259
4-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi.

Uniwersitetiň açyk sport toplumynda guralan ýaryşlara Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdylar. Ýaryşlar futbol, woleýbol, basketbol, kiçi futbol, tennis, göreşiň dürli görnüşleri boýunça geçirildi. Şeýle-de talyp ýaşlar welosipedli ýörişe gatnaşdylar, türgenleşik enjamlarynda bedenlerini berkitdiler.

Sport üstünlikleriniň sergisi hem-de uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň talyplarynyň çykyşlary ýaryşa gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär.

Dünýägözel NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasy, uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52