KONSERWATORIÝANYŇ TALYPLARY BILEN BILELIKDÄKI KONSERT
2672-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Konsertde konserwatoriýanyň estrada-simfoniki orkestri sazandarlyk etdi. Bu medeni çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guraldy.
Janly sesde ýerine ýetirilen aýdymlarda Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyz, parahatçylyk, dostluk, türkmen tebigaty, Diýarymyzyň gözellikleri wasp edildi. Talyplar daşary ýurt dillerinde hem dünýä meşhur aýdymlary ýerine ýetirdiler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri «Duran ýerleri», «Meleguş» ýaly halkyň söýgüsini gazanan eserleri belent owazda diňleýjilere ýetirdiler.
Ýazmyrat HOJYMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň zootehniýa
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl magistranty.