TÜRKMEN HALYSYNYŇ MILLI MUZEÝINE SYÝAHAT
263Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary we talyp gyzlary Türkmen halysynyň milli muzeýinde bolup, gadymy sungatymyzyň nepislikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Talyp gyzlar muzeýde ýerleşdirilen gadymy halylardyr haly önümlerini synlap, olary öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklandylar. Bu ýerde dünýäde iň äpet el halylarynyň saklanýandygy, olaryň dokalyş taryhy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýanyň Bogota şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen milli halyçylyk sungaty» atly resminama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Talyp gyzlar muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplaryndan gyzykly maglumatlary diňlediler we gürrüňi edilýän gözellikleriň gözli şaýady boldular. «Janly rowaýat» kitabynda bellenilişi ýaly, Türkmen halysynyň milli muzeýinde taryhy halylaryň we el bilen dokalan häzirki zaman haly eserleriniň sekiz müňden gowragy toplanyldy. Häzirki wagtda olaryň üsti täze gymmatlyklar bilen ýetirilýär.
Bu ýerdäki çykyşlarda milli halyçylyk sungatymyzy öwrenmäge, ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy.
Maýagözel GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji
zenanlar guramasynyň başlygy.