UZAK ARALYKDAN ONLAÝN OKUW SAPAKLARY DOWAM EDÝÄR

262
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uniwersitetimiziň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Daşary ýurtlaryň ösen tejribelerini öwrenip, hünär biliminde milli gazanylanlar bilen utgaşdyrmakda uzak aralykdan onlaýn okuw sapaklarynyň ähmiýeti uludyr.

20-nji martda  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Oba hojalygynda ulanylýan dökünleriň pagta süýüminiň hiline edýän täsiri» atly tema boýunça uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Onda uniwersitetimiziň dokma önümçiligi fakultetiniň pagtany ilkinji işlemek kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Amanmyrat Ýaryýew çykyş edip, ilki bilen, ýurdumyzda pagtaçylygy ösdürmekde gazanylan netijeler barada gürrüň berdi. 

Pagtaçylykda ulanylýan intensiw tehnologiýalar, oba hojalyk dökünleriniň hasyllylygy we pagta süýüminiň hilini  ýokarlandyrmakdaky oňyn täsiri barada berlen maglumatlar onlaýn okuw sapagyna gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Sapagyň dowamynda pagta süýüminiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen pikir alşyldy.

Şeýle sapaklar «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» milli barlag uniwersiteti, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasy, «John Deere» kompaniýasynyň daşary ýurtly hünärmenleri bilen bilelikde hem geçirildi. Olarda suwaryş usullary, maksatlary we ulanylyş şertlerine görä tapawutlandyryş, suwaryş usullaryny sebitleşdirmek, suwaryş çeşmeleri, olara we suwuň hiline bildirilýän talaplar, agrosenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň we uýgunlaşmagyň guramaçylyk görnüşleri, şorlaşan ýerleri özleşdirmekde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň wajyplygy, oba hojalyk meýdanlarynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda gorag tokaý zolaklarynyň ähmiýeti, elektrik energiýasynyň hili: ýoýulmagyň çeşmeleri, sarp edijilere täsiri, kadalaşmasy, gowulaşmagyň ýollary, takyk ugurly dersleri okatmakda STEM usulyýeti, «John Deere» kysymly timarlaýjylaryň gurluş we işleýiş aýratynlyklary, maýa goýum taslamasynyň netijeliligine baha bermek hakynda bilimler, häzirki zaman tejribeleri özleşdirildi.

Şöhratmyrat PÄLIWANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň dokma 
önümçiligi fakultetiniň tikin önümçiligi 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52