BAHARYŇ SPORT BAÝRAMY

482
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli medeni-köpçülikleýin, sport çärelerine giň gerim berilýär.

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde «Arkadagly Gahryman Serdarly sagdyn bedenli ýaşlar» şygary astynda sport bäsleşikleri geçirildi. Olara uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Uniwersitetiň açyk we ýapyk sport toplumlarynda guralan bäsleşikler sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, düzzüm, ýeňil atletika, woleýbol, tanap çekmek, daş götermek, kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça guraldy. 

Ýeňijilere Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň Hormat hatlarydyr sowgatlary gowşuryldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52