TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇIREN EKOLOGIÝA BÄSLEŞIGI JEMLENDI
59526-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Ekologiýa dersinden bäsleşigiň 2-nji — jemleýji tapgyry üstünliklere beslendi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden jemi 32 okuwçy gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, 4-nji martda bäsleşigiň 1-nji tapgyry guralyp, oňa ýurdumyz boýunça 250-den gowrak okuwçy gatnaşypdy. Başlangyç tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly ekologiýadan bilim-düşünjelerini görkezdiler we has tapawutlananlar 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň 2-nji tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Olar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň açlygy ýok etmek, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak, gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak ýaly ugurlaryna degişli ylmy taslamalardyr.
Mekdep okuwçylary açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam etmek; suw serişdeleriniň elýeterligini, olaryň rejeli peýdalanylmagyny, hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek; hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly, döwrebap serişdelerine umumy elýeterliligi üpjün etmek; howanyň üýtgemegi hem-de onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek; durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizlerdir derýalary gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak; gury ýerleriň goragy, dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny, biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek boýunça täzeçil garaýyşlaryny, ylmy esasly pikirlerini beýan etdiler.
Eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmy taslamalaryna, çykyşlaryna ýokary baha berdiler. Olar döwrebaplygy, derwaýyslygy, täzeçilligi we ylmylygy, beýan edilişiniň yzgiderliligi, maglumatlarynyň takyklygy hem-de aýdyňlygy, taslamanyň taýýarlanyş, bezeliş derejesi, durmuşa ornaşdyrmagyň mümkinçiligi, önümçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar.
Netijede, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Annamämmedowa bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowa 1-nji orna mynasyp boldular.
2-nji orny Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulbagt Bäşimowa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Farida Jumaýewa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň okuwçysy Göwher Bäşimowa dagy eýeledi.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýsona Jumadurdyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Nurmyradow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Humaý Çaryýarkulyýewa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Ejeş Agajykowa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Arslan Nurýagdyýew 3-nji orny eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Bu bilim bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň şatlygy bilen utgaşmagy oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.