ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞYLDY
39022-nji martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtdylar.
«Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň, welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegi hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagy üpjün ediler.
Bu dabara ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.
Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň oba
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
fakultetiniň maglumat ulgamlary we
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri,
uly mugallym.
Surat: tdh.gov.tm