Olimpiada-2023

2793
“DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEKDE ÝAŞLARYŇ ORNY” ATLY ÝURDUMYZYŇ HEM-DE DAŞARY ÝURTLARYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILJEK YLMY-TASLAMA
BÄSLEŞIGINI GEÇIRMEK HAKYNDA

DÜZGÜNNAMA

I. Umumy düzgünler
Şu düzgünnama “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşiginiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýär. 
Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça ugurlaryny öz içine alýar. 

II. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlary
Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ylmy-taslama bäsleşigini geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr:
- Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;
- talyplaryň döredijilik ukyp başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;
- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;
- talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak ýaly meseleler boýunça bilimini artdyrmak;
- halk hojalygynyň dürli ugurlarynda azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak meseleleri boýunça talyplaryň özbaşdak işlemek we pikirlenmek endiklerini ösdürmek; 
- talyp ýaşlarda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak dünýägaraýyşy we   ekologik medeniýeti kemala getirmek we terbiýelemek;
- Türkmenistan döwletimiz we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy we ekologik meselelerine talyplaryň ünsini çekmek;
- talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenilip düzülen  täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek;

III. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi
Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rus
I tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany uguryň birine degişli talybyň ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy – taslamanyň işiniň ýazgysyny (düzgünnamanyň 1-nji goşundysy bilen) 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron (tohu.eco.olimp@gmail.com) salgysyna ugradýar. 
 Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. II tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň resmi web-saýtynda 2023-nji ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.
II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň II tapgyry 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 1-5 aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň I tapgyrynyň netijesi boýunça Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we daşary ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolsa internet ulgamynyň üsti arkaly online görnüşinde Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça prezentasiýa arkaly çykyş edýärler. 

IV. Bäsleşige gatnaşýan taslamalaryň taýýarlanylyşyna talaplar
Taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy taslama işiniň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Ylmy işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň ady görkezilmeli. Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, wajyplygy,  maksady we onuň netijesi  özara baglanşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Taslamanyň golýazmasy rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly)

V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlar we ylmy işgärler girýärler.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň I tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň II tapgyrynda talyplaryň taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler:

T/b                                   Görkezijiler                                                                      Ballaryň möçberi
1. Taslamanyň döwrebaplygynyň, derwaýyslylygynyň esaslandyrmasy             1 - 10
2. Taslamanyň täzeçilligi, ylmylygy                                                                     1 - 10
3. Taslamanyň beýan edişiniň yzygiderliligi                                                     1 - 10
4. Taslamanyň görkezilişiniň takyklygy we aýdyňlygy                                             1 - 10
5. Taslamany durmuşa ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we önümçilik ähmiýeti     1 - 10
6. Taslamanyň taýýarlanyş we bezeliş derejesi                                                     1 - 10

V. Bäsleşigiň ugurlary
Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar:
1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek;
2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin sanitariýany üpjün etmek;
3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek;
4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmaz çäreleri görmek;
5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak;
6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi we olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etme we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek.

VI. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak
Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri uniwersitetiň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
 
1-nji goşundy
“Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek ylmy-taslama bäsleşigine gatnaşýan talyplar barada 
MAGLUMAT

Ýurdy:
Ýokary okuw mekdebi:
Gatnaşyjynyň (gatnaşyjylaryň) familiýasy, ady we atasynyň ady:
Okaýan hünärleri we ýyllary:
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Elektron salgysy:
Taslamanyň degişli ugry:
Ylmy-taslamanyň temasy:

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52