PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
33932Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň biragyzdan goldanmagy, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Ýol kartasynyň» çäklerinde dürli çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berilýär. Olarda Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň hem-de filosofik garaýyşlarynyň, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleriniň, öwüt-ündewleriniň türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandygy wagyz edilýär.
Agzalan «Ýol kartasyna» laýyklykda hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary durmuşa geçirilýär. Geçen ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Berkarar döwlet islärin» atly ylmy-amaly maslahat, «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda» atly edebi agşam, «Ýigit ussadyndan öwrense hünär» ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça hünär, kär saýlamak barada düzme bäsleşigi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uniwersitetiň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — akyl gämisi» atly çeper okaýyş, ussadyň aýdyşyk goşgularyny sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşikler guraldy. Her hepdäniň çarşenbe günleri geçirilýän halypaçylyk okuw sapaklarynda akyldar şahyryň edep-terbiýe babatdaky şygyrlary yzygiderli wagyz edilýär. Şu ýylyň başynda hem uniwersitetimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara bilen esasy çärelere badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde täze goşgusyny okap berip, halkymyza sowgat etdi. Bu topluma barýan ýa-da ondaky akyldar şahyryň belent heýkeline gözi düşen her bir adamyň aňynda, kalbynda orun alan şu setirler dile gelýär:
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
2024-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrýan bu eser Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini belende galdyrýar, dünýä tanadýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy biziň her birimiz üçin ylham çeşmesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň ähmiýetini, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri giňden wagyz etmek bilim işgärleridir mugallymlaryň möhüm wezipesidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenýän täze bir sahypasynyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmuny, ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezilýär: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr». Türkmen ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň şeýle öwüt-ündewlerinden ugur alyp, «Magtymguly — taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr» diýen sözlerinden ruhlanyp okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyza eýerip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ajaýyp üstünliklere besleýärler.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris.