Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy

872

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti 1962-nji ýylda döredilen. Fakultetde 3 sany taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawr bilim derejeli oba hojalyk ykdysatçylary we programmaçy inženerler taýýarlanylýar:
  • Ykdysadyýet (oba hojalygynda);
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda);
  • Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda).
Taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, ykdysatçylaryň hem-de buhgalterlaryň taýýarlanyşyna, täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Ýaşlaryň ykdysadyýet, oba hojalyk hukugy, edara-kärhanalarda işleri guramak we dolandyrmak, ulgamlaýyn seljerme işlerini geçirmek, kompýuter-tehniki serişdelerinden we multimediýa enjamlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Fakultetde alty sany kafedra hereket edýär:
  • Oba hojalygynyň ykdysadyýeti;
  • Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit;
  • Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy;
  • Kompýuter tehnologiýasy;
  • Tebigy bilimler;
  • Diller.

Paýlaş

Agronomçylyk

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti 1962-nji ýylda döredilen. [...]

Agroekologiýa

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti 1962-nji ýylda döredilen. [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52