Traktorlar we awtomobiller kafedrasy

59

Traktorlar we awtomobiller kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde durýar. 1941-nji ýylda Traktorlar we awtomobiller kafedrasy diýen ada eýe boldy. Soňra, ýagny, 1993-nji ýyldan 2006-njy ýyllar aralygynda Traktorlar we awtoulaglar, 2006-njy ýyldan 2010-njy ýyllar aralygynda Ýokary derejeli tehnikalar ady bilen ýöredildi. Kafedra 2010-njy ýylyň aprel aýynda Traktorlar we awtomobiller ady bilen täzeden döredildi.
Kafedrada Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek, Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünärleri we Gigromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy ugry boýunça uçurym taýýarlanylýar.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly ulgamyň ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanylýan traktorlarynda we awtomobillerinde ulanylyşy barada maglumatlary ýygnamak hem-de onuň ähmiýetini düşündirmek işleri alnyp barylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52