Injir bagy
69Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezindäki injir bag gorlarynyň genofondy we agrotehnikasy
Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň subtropik baglaryň nesil gorlary bölümine degişli bolan injir (инжир, Fikus Carica L.) kolleksiýa baglary medeni we ýabany formalaryny öz içine alýar. Subtropik miweli agaçlaryň arasynda injir, zeýtun, nar, hurma agaçlarynyň miweleri ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri hem injir agajydyr. Bu agajyň boýy 3 — 5 metr bolup, iri ýapraklary bilen tapawutlanýar. Ol oňat ideg edilende, her ýylda gowy we köp hasyl berýär. Injiriň miwesi sary, gök, gara, gyzylymtyl we syýa reňkde bolýar. Injir agajy aprel aýynda gülleýär, awgust we sentýabr aýlarynda miwesi bişýär.
Häzirki döwürde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň subtropik baglaryň nesil gorlary bölüminde injiriň 92 sorty bolup, umumy 231 baga ideg edilýär we bu sortlaryň biologik we hojalyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Injir baglary dünýäniň köp ýurtlaryndan getirilendir. Injiriň ýabany görnüşleri Türkmenistanda Günbatar Köpetdagda, Sumbar we Çendir jülgelerinde duşýar. Injir agajy Orta Aziýada, Kawkazda we Arap ýurtlarynda, Eýranda, Türkiýede, Owganystanda, Özbegistanda, Täjigistanda ösýär. Beýleki subtropik miweli ösümlikler ýaly injir hem irki döwürlerden bäri ekilip gelinýän örän peýdaly ösümlikleriň biridir. Injir agajy Ýemen döwletinde köp ösýär. Injiriň ýerli sortlary Sumbar jülgesinde giňden ýaýrandyr. Obalarda, şäherçäniň merkezinde injir agajy her bir hojalygyň mellek ýerinde ösdürip ýetişdirilýär. Injir agajy, köplenç, çybyk arkaly köpeldilýär. Kökletmek üçin alnan çybyklaryň boýy 20 — 22 santimetr, diametri 1,2-1,5 santimetr ýogynlykda alynýar. Toprak-howa şertlerine baglylykda, nahalhanadaky injir şitillerine ýylda 8 — 12 gezek suw tutulýar. Güýz aýlary şitilleriň ýapragy düşenden soňra, ony başga ýere göçürýärler.
Injir bagynyň düýbüni tutmazdan ozal topragyň agrohimiki häsiýetlerini kesgitlemeli. Ýerasty suwunyň ýerleşýän çuňlugy ýer üstünden 2,5 metr aşakda bolmalydyr. Injir ekilende hatar arasy 6 x 6 metr bolmalydyr. Injir oturtmak üçin aşakda çuňlugy 40 santimetr, ini 50 santimetr çukur gazylýar. Soňra şol çukurlara nahalhanada oňat kök uran injir nahallary oturdylýar. Injir agajyna her 3-4 ýyldan gektara 30 — 40 tonna ders berilýär. Mineral dökünlerden her gektara 300 — 400 kilogram superfosfat, 75 kilogram kaliý duzy berilýär. Ýaz aýlary injir agaçlarynyň düýpleri bejerilende her gektara 300 kilogram azot döküni berilýär. Hasyl berýän injir agajyna ýylda 4 — 6 gezek suw tutulýar. Gyş aýlarynda 1 gezek suw tutulýar. Soňky 4-5 gezekki suwy ýazda (mart, aprel aýlarynda) we tomsuna (maý, iýun, iýul aýlarynda) berilýär. Awgust aýlarynda suw tutmak bes edilýär. 10 — 12 ýyl ýaşan injir agajynyň her düýpden 50 — 60 kilogram, her gektardan 150 — 170 sentnere çenli hasyl alynýar. Uly injir agajy -12... -15 gradus sowuga çydaýar. Şondan ýokary bolsa, onuň ýer üstündäki şahalaryny sowuk alýar. Ol guraklyga çydamly bolsa-da, hemişe topragyň mesligini we çyglylygyny gowy görýär. Topragyň yzgary ýeterlik bolanda, injir tiz ýetişýär, miwesi iri we süýji bolýar, çyglylygy az bolanda, miwesi gurak bolýar.
Döwran YSLAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Magtymguly ylmy-önümçilik synag
merkeziniň subtropik baglaryň
nesil gorlary bölüminiň ylmy işgäri.