Gysga boýly banan
74Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň biodürlüligini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu möhüm wezipelerden ugur alnyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, gorap saklamak işleri ylmy esaslarda alnyp barylýar. Ylmy-barlag işleriniň netijesinde ösümlik gorlary (kolleksiýasy) toplanylýar. Olaryň bioekologiýa aýratynlyklary öwrenilýär hem-de halk hojalyk ähmiýetlileri saýlanylyp, ösdürip ýetişdirmegiň usullary işlenilip düzülýär.
Ösümlik gorlarynda iýmitlik, dermanlyk, ýakymly ysly, bezeg ähmiýetli görnüşler uly gyzyklanmany döredýär. Olaryň arasynda tropik miweli ösümlikler aýratyn topary emele getirip, bu ösümlikleriň introduksiýa işleri alnyp baryldy. Geçirilen işleriň netijesinde Türkmenistanda ilkinji gezek banany ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň we olary köpeltmegiň wegetatiw usuly işlenilip düzüldi. Banan häzirki wagtda bagyň kolleksiýasynyň düzüminde saklanylýar we onuň oňyn ösüşine gözegçilik edilýär.
Gysga boýly banan (Musa сavendisсhii) Bananlar (Musaceae) maşgalasyna degişli bolup, onuň watany gündogar ýarymşaryň tropikleri, Hindistan, Indoneziýa, Hytaý hasaplanylýar. Bananyň monokarpik ösümlikdigi üçin miweländen soň ýogyn baldagy guraýar, köküniň ýaýran baldaklaryndan ýaş ösümlikler ösüp çykýar. Ol boýy 2,5 m ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Bananlaryň örän giň ýaýran kökleri bolup, köklerden örän gysga baldajyklar ösüp çykýar. Kökli baldaklaryň goltugyndan 5-6 sany ýaş ýapraklar emele gelýär. Şol ösüntgiler arkaly banan köpeldilýär. Bananyň goýy ýaşyl reňkdäki iri ýapraklarynyň uzynlygy 1,5 m, ini 0,8 m ýetýär. Ýapraklary baldagynyň daşyna gezekli aýlanyp, ony ýognadýar. Baldagyň ýogynlygy kök ýanyndan ýokarsyna çenli birmeňzeş bolýar. Gysga boýly bananyň gülleýiş möwsümi ekilen wagtyndan 9-10 aý soň başlaýar. Gül çogdamy baldagyň içinden ýokarlygyna ösüp, soňra gapdal tarapyna öwrülip, ösüp çykýar. Gül çogdamy dykyz, açyk melewşe reňkli örtüji ýaprak bilen örtülýär. Örtüji ýapraklar yzly-yzyna açylyp, iki setirde ýerleşen gülleriň 18 — 20 sany düwünçekleri görnüp başlaýar. Bular miwe emele getirýän enelik güllerdir. Soňra örtüji ýapraklar açylyp, iki jynsly güller, ýokarky böleginde atalyk güller ýerleşýär. Şeýlelikde, gül çogdamynyň uzynlygy 70 — 80 sm ýetýär. Bananyň miweleri gülläp başlanyndan 5 — 7 aýdan soň bişip ýetişýär. Miwe salkymynyň agramy 8 — 10 kg ýetýär, jemi bir salkymda 80 — 150 sany miwe bolýar. Her banan miwesiniň agramy 80 — 150 g, uzynlygy 12 — 15 sm, ýogynlygy 10 sm çenli ýetip, ýakymlydan süýji tagamy berýär.
Gysga boýly banany ösdürip ýetişdirmek üçin ösümligiň ýüzleý ýaýrap, güýçli ösen ýogyn kökleriniň bardygyny göz öňünde tutup, ýyladyşhananyň içinde çüýrän ders garylan toprakda ýetişdirmek bolýar. Onuň durnukly boý alyp ösmegi üçin howanyň tomsuna +20... +25oC, gyşyna +10oC temperaturada we çyglylygynyň ýokary bolmagy zerurdyr. Ýaş ösümlikleriň güýçli ösen kökli, boýy 50 — 60 sm bolan şitilleri 40 — 60 sm çuňlukda, 1,5-2 m aralykda oturdylýar. Bananyň ýetişen miweli salkymy ýygnalandan soň, enelik ösümlik kesilip aýrylýar. Kökden ösen bir sanysy galdyrylyp, beýleki ýaş şitilleri täze ýere göçürilýär. Yzygiderli suwarylýar, gunçalaýan we miwe düwýän döwri goşmaça kaliý döküni bilen iýmitlendirilýär.
Gülzar BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika
bagynyň Biologiki gözegçilikler we
tohumlar banky bölüminiň başlygy.