Guşlary kadaly iýmitlendirmegiň ähmiýeti
239Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylygyň guşçulyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär we bu ugurda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Guşçulyk maldarçylygyň iň esasy pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda oba hojalyk guşlarynyň sanyny köpeltmek, önümliligini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan arzan guş eti bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, olary ösdürip ýetişdirmek boýunça täze tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler önümçilige giňden ornaşdyrylýar.
Guş eti edil ýumurtga ýaly berhizlik iýmit hasaplanýar. Et üçin ýumurtga guzlamaklyk möhleti geçen towuklar, ýörite ýetişdirilýän broýler towuklarynyň 42 günlük jüýjeleri, hindi guşlary, gazlar, ördekler we bedeneler ösdürilip ýetişdirilýär.
Towuk etiniň belogy özüniň düzüminde çalşylmaýan aminokislotalara baý bolany üçin berhizlik et hasaplanýar. Esasan hem, jüýje eti has ýokumly hasaplanyp, näzikligi bilen tapawutlanýar.
Towuk ýumurtgasy hem ýokumly maddalara baş iýmit hasaplanýar. Onuň düzüminde organizme gerek bolan aglaba ýokumly maddalar saklanýar.
Guş eti, beýleki mallaryň etine garanyňda, düzüminde ýagy az saklaýar. Bar bolan ýag bolsa doýgun däl görnüşindedir. Ýag kislotalarynyň belli bir gatnaşykda bolanlygy sebäpli, adamlar üçin siňňitli hem ýokumlydyr.
Broýler jüýjeleriniň eti öz düzüminde witaminleriň mukdary boýunça sygyr, göle, hindi towuklarynyň etinden pes durmaýar. Onuň adam bedeninde siňijiligi 94-95 göterime deňdir. Adam bedeninde uly towuklaryň etiniň siňijiligi 72%-e, ördekleriňki 68%-e, hindi guşlarynyňky 67%-e deňdir. Sygyr, doňuz we goýun etleriniň siňijiligi 60%-e deňdir.
Towuklaryň esasy biologik aýratynlyklarynyň biri hem olaryň iými ýokary derejede diri agramynyň ösüşine we ýumurtga öndürmek üçin sarp edip bilijiligidir. Iýmiň sarp edilişi 10 sany ýumurtga we 1 kilogram ýumurtganyň agramyna ýa-da 1 kilogram ösüşe edilen harajat bilen kesgitlenýär.
Towuklardan ýokary hilli et önümlerini öndürmek üçin kadaly we düzümi beloga baý iým garyndylary bilen iýmitlendirmek esasy şertleriň biri bolup durýar.
Guşlar üçin däneli iýmler esasy iýmitdir. Däneli iýmleriň gabygynda kletçatka köp bolýar. Ol guşlaryň bedeninde erbet siňýär, onuň artykmaç berilmegi iýmitiň siňijiligini kynlaşdyrýar. Şonuň üçin hem iým paýynyň düzüminide kletçatkanyň 5 göterimden ýokary bolmagyna ýol bermeli däldir.
Mineral goşundylar guşlar üçin zerurdyr. Ony başga iýmit bilen çalşyp bolmaýar. Bu goşundylar jüýjeler üçin süňküň emele gelmegi we ösmegi üçin zerur bolsa, towuklar üçin ýumurtganyň gabygynyň emele gelmegi üçin zerurdyr. Guşuň bedenindäki mineral maddalaryň 60-70 göterimi kalsiden we fosfordan durýar. Guşlarda süňküň emele gelmegi üçin kalsiniň iým paýynda ýetmezçilik etmegi süňküň egrelip, ösüşden galyp, rahit keseliniň ýüze çykmagyna, gabyksyz ýumurtga guzlamagyna getirýär.
Towuk ýumurtga guzlanda bir günde ortaça bedenden 2-2,2 gram kalsiý çykarýar, eger-de bir ýylda towuk 160 sany ýumurtga guzlasa, onda ol 310 — 352 gram kalsini bedenden çykarýar.
Fosfor organizmde dokumalaryň düzümine girip, mineral maddalaryň çalşygyny üpjün edýär. Hlor bolsa, guşuň garnynda duz kislotasynyň emele gelip, iýmitiň gowy siňmegini üpjün edýär. Kükürt guşuň bedeninde belokly maddalaryň we ýelegiň düzümine girýär.
Guşlaryň kalsiý, fosfor we natriý ýaly mineral goşundylara talabynyň ýokarydygy sebäpli, olaryň iým paýyna mineral goşundy hökmünde balykgulak, hek, süňk we balyk uny, duz we başgalar goşulýar.
Guşlaryň kadaly ösmeginde, az mukdarda talap edilýän hem bolsa, mikroelementleriň (demir, mis, marganes, sink, ýod, kobalt we başg.) uly ähmiýeti bardyr. Olaryň biriniň guşlaryň iým paýynda ýetmezçilik etmegi bedende madda çalşygynyň näsazlygyna eltýär, ösüşden galyp, önüm berijiligi peselýär. Olaryň ýetmezçiligi duýulmaz ýaly jüýjeleriň iým paýyna kükürtturşy marganes, kükürtturşy demir, kükürtturşy sink we başgalar goşulýar.
Belokly iýmler süýt önümleri we olaryň galyndylarydyr. Ýagy alnan süýt, syworotka, tworog çalşylmaýan aminokislotalara, witaminlere we mineral maddalara baýdyr. Süýt önümleri täze ýa-da uýadylan görnüşinde iýmitlendirilýär. Turşan ýa-da gowy uýamadyk süýt önümlerini bermek bolmaýar, ol, esasan, jüýjelerde içagyry keselini döredýär.
Umuman, guşlardan ýokary önüm almak üçin olary kadaly iýmitlendirmeli. Olar üçin taýýarlanýan iým garyndylarynyň düzümi ähli zerur bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edilmeli. Bu bolsa pudagyň netijeli ösmegine oňyn täsirini ýetirer.
Merdan NOBATOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we
weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň
maldarçylyk bölüminiň müdiri,
Guwanç AGAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we
weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň direktory.