Ýaş alymlar geňeşi

5551
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň we onuň garamagyndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýip belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belleýär. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar geňeşinde we onuň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklarda bu ugurdaky işlere giň gerim berilýär.

Uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklar
Häzirki wagtda uniwersitetimizde 9 sany ylmy gurnak hereket edip, olaryň agzalary birnäçe ylmy-taslama işlerini alyp barýarlar. Olar:
1. «Ussat agronom»;
2. «Ýaş agroekolog»;
3. «Ýaş agrohimik»;
4. «Altyn damja»;
5. «Geljegiň inženeri»;
6. «Innowasion inžener tehnology»;
7. «Sanly tehnologiýalar»;
8. «Ýaş weterinar lukmany»;
9. «Dokmaçylar» ylmy gurnaklary.

Ýurdumyzda we halkara derejede geçirilen ylmy hem-de döredijilik bäsleşiklerinde gazanylan üstünlikler
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2023-nji ýylda ylmy işler boýunça geçiren bäsleşiginde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Röwşengeldi Annageldi ogly Abaýew 1-nji orna, Tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allakulyýewa 2-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de, Ylymlar güni mynasybetli Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allakulyýewa 3-nji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkeziniň bagbany Jennet Towyýewa ýeňiji boldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Şahymuhammet Altymuhammedowiç Şahyýew, tokaý we seýil bag hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allakulyýewa, oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýazjuma Nurjaýew we pagtanyň ilkinji işlenilişi hünäriniň 4-nji ýyl talyby Babamurat Baltaýew dagy mynasyp boldy. 
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bu ugurda oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak meseleleriniň ähmiýetlidigi hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alyp, uniwersitetiň alymlary oba hojalygynda hasyllylygy artdyrmak, döwlet tabşyrygyndaky ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny, tohumçylyk-seçgi işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarladylar we hödürlediler. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda ýokary okuw mekdebimizde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanda däneli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça «Däneli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny» atly maslahat geçirildi. 
Ýokary okuw mekdebimiziň «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň I goýberilişiniň çap edilmegi baş baýramymyza — Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat boldy. Bu ýygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri girizildi.
19 — 23-nji sentýabrda bilim ojagymyzyň guramagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika, informatika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy derslerinden ders bäsleşikleri geçirildi.
Obasenagat toplumynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meýilnamasyna girizilen 11 tema boýunça netijeli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Okuw-tejribe hojalygynda we agromeýdançada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Talyplaryň nazary bilimlerini tejribelikde kämilleşdirmekde Biogumus, Entomofaglar, şeýle-de, Ýüpek gurçugyny idetmek we tohumlandyrmak tejribehanalarynyň ähmiýeti uludyr.
Talyplarymyz halkara we milli derejedäki ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Olar 7 — 12-nji mart aralygynda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Struga şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 17-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, 2 sany 3-nji orny eýelediler. Uniwersitetiň wekilleri 22 — 24-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Daşky gurşaw taslamalarynyň maslahat beriş institutynyň guramagynda «Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşiginiň» jemleýji tapgyryna hem gatnaşdylar. Onda Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýewiň «Eko-rakowina. Suwy gaýtadan ulanmagyň innowasion tehnologiýasy» atly ylmy taslamasy 1-nji orna mynasyp boldy we «Iň gowy innowasion taslama» diýlip yglan edildi hem-de talybymyz 31-nji mart — 1-nji aprel senesinde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Lomonosow — 2023» atly uniwersiadada «Lingwistika, medeniýeti öwreniş we ülkäni öwreniş» ugrundan iňlis dili boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. 9 — 13-nji noýabrda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde uniwersitetleriň talyplarynyň arasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika (International Student Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2023) olimpiadasyna uniwersitetiň 3 talyby gatnaşyp, 2 sany kümüş we 1 sany bürünç medala eýe boldy. 
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine uniwersitetimizden 42 talyp 14 dersden gatnaşyp, 7 sany 1-nji, 16 sany 2-nji, 15 sany 3-nji orna, jemi 38 orna mynasyp boldy. Şeýle hem 2023-nji ýylda talyplarymyz halkara olimpiadalarda we ders bäsleşiklerinde 20-ä golaý medal, 70-den gowrak diplom bilen sylaglandylar. Döwlet derejesinde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda 16 sany I orna, 10 sany II orna, 17 sany III orna mynasyp boldular.

Paýlaş

Makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ö [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm