Dokma önümçiligi
2894Dokma önümçiligi fakulteti 1995-nji ýylda Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň düzüminde döredilip, bilim ulgamyny düýpli ösdürmek we kämilleşdirmek barada Hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryna laýyklykda 2010-njy ýylyň mart aýynyň başyndan özbaşdak fakultete öwrüldi. Fakultetde dört sany taýýarlyk ugurlary boýunça inzener tehnologlar taýýarlanylýar:
- Pagtanyň ilkinji işlenilişi;
- Tebigy süýümleri egirmek;
- Mata önümçiligi;
- Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy.
Fakultetde üç sany: Pagtany ilkinji işlemek, Dokma önümçiligi, Tikin önümçiligi kafedralary bolup, olarda birnäçe tejribeli mugallymlar işleýär. Talyplar fakultetde pagta süýümini taýýarlamagyň, ýüplügiň egrilişiniň, matanyň dokalyşynyň, örülişiniň tehnologiýalaryny we tikilýän dürli egin-eşikleri konstruirlenişini tutanýerlilik bilen öwrenýärler. Uniwersitetde taýýarlanylýan hünärmenleriň kär başarnyklary, şonuň bilen baglylykda geçirilýän okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak we nazary okuwlary önümçilik bilen baglanyşdyrmak hem-de talyp ýaşlarymyzyň milli tikinçilik sungatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen fakultetde döredilen tikinçilik, halyçylyk, örmeçilik we taraçylyk okuw-tejribe otaglarynda talyplar bilen geçirilýän okuwlary önümçilik bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dokma we ýeňil senagaty pudagynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe döwrebap kärhanalar we dokma toplumlary guruldy. Dokma senagaty toplumyny ýokary bilimli, milli hünärmenler bilen üpjün etmek fakultetiň baş maksady bolup durýar.