III Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy
Olimpiadanyň maksady we wezipeleri:
- Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;
- talyplaryň döredijilik ukyp başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;
- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;
- ýaşlary mundan beýläk-de bilimini kämilleşdirmeklige ruhlandyrmak;
- häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen ýüze çykýan ekologiki meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;
- talyplaryň ekologik sowatlylygyny – tebigaty goramak we ekologiýa gatnaşyklaryny öz geljekki hünärlerinde peýdalanyp bilmek ukyplaryny ösdürmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplarda ekologiýa we daşky gurşawy goramaklyga degişli nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek.
Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi
1. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşyp biler.
2. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçiriler.
3. Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir.
4. Olimpiada gatnaşmak üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda https://forms.yandex.com/u/67418fd6d04688399eae3406/ gatnaşyjy baradaky maglumatlary girizip, agza bolmaly (siziň bilen habarlaşyp durmak üçin elektron salgyňyzy we telefon belgiňizi anyk girizmegiňizi haýyş edýäris). Hasaba alnyşyk 2024-nji ýylyň 4-nji dekabryna çenli dowam eder.
5. Olimpiadanyň işi 2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda geçiriler.
6. Olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylar göni ýaýlymda görkeziler.
7. Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bir gezek ulanmaga niýetlenen ulanyjynyň ady (login) we parol olimpiada geçirilýän güni gatnaşyjynyň hasaba alnan elektron salgysyna ugradylýar.
8. Olimpiadanyň geçirilýän ýerini doly gözegçilikde saklamak üçin kompýuterler we web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen hem-de olimpiada tamamlanýança doly işjeň ýagdaýda bolmaly.
9. Talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda tehniki näsazlyklar ýüze çykan halatynda haýal etmän olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýüz tutmaly.
10. Olimpiadada beriljek ýumuşlar ekologiýanyň aşakdaky bölümleri boýunça Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylýar:
- populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy;
- adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri;
- senagat ekologiýasy;
- ekologiki monitoring;
- ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar.
11. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi 90 minut wagt beriler.
12. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýär we jogaplary açylan programma üpjünçiliginde “Jogap” diýen öýjüge meseläniň şertinde görkezilişi ýaly girizýär. Eger-de ýumuş test görnüşinde berilse, onda gatnaşyjy dogry diýip hasap edýän jogabyny belleýär we indiki soraga geçýär.
13. Olimpiada gatnaşýan talyp berlen ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Olimpiada geçýän döwründe talyba gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmeklige, dürli edebiýat çeşmelerinden we internet ulgamynyň beýleki sahypalaryndan peýdalanmaklyga, telefon, kalkulýator we ş.m. ulanmaklyga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan talyp olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
14. Şol bir ýokary okuw mekdebiniň talyplary birmeňzeş netije görkezen (dogry we nädogry jogaplary deň gelen) ýagdaýynda düzgün bozulma hasap ediler we talyplaryň işleri bahalandyrylmaýar.
15. Arz-şikaýat bilen gatnaşyjy Guramaçylyk toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Arz-şikaýatlar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Guramaçylyk toparynyň başlygy kesgitleýär.
Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
1. Olimpiada gatnaşýan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyrylar we netijeleri jemlener.
2. Olimpiadanyň ýeňijileri gatnaşyjylaryň gazanan ballary boýunça kesgitlenýär.
3. Ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň umumy sanyna görä kesgitlenilýär (50 %-den geçmeli däl).
4. Olimpiadanyň netijeleri beýan arkaly resmileşdirilýär we Guramaçylyk toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
5. Olimpiadanyň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar we medallar bilen sylaglanýar.
Войти Zoom Конференция
Идентификатор конференции: 838 2469 3505
Код доступа: 609569
Habarlaşmak üçin:
Tel: +993-12-342680, +993 65633644; +993 63966901
Elektron salgysy: tohu.eco.olimp@gmail.com
Olimpiadanyň guramaçylyk topary