Informatika olimpiada

7784

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek Informatika olimpiadasynyň

DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

1. UMUMY DÜZGÜNLER

Şu Düzgünnama Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika olimpiadasyny (mundan beýläk olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine aralaşýan döwründe Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak döwrüň esasy wezipesidir.
Ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda informatika dersinden olimpiadany geçirmegiň maksady Türkmenistanda takyk ugurlar boýunça bilim bermegi dünýä standartlaryna laýyklykda ösdürmek bilen okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Olimpiadanyň netijesinde ýaşlaryň bilim derejesini artdyrmagyň häzirki zaman döwrebap sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly olaryň başarnyklary we endikleri açylyp görkeziler.
Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge, ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, ýaşlaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga itergi berer.

2. OLIMPIADANYŇ ESASY WEZIPELERI

Olimpiadanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:
- mekdep okuwçylarynda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary düşünjeleri jemlemek bilen amaly meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
- zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmak;
- bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ders bäsleşiklerine gatnaşýan okuwçylaryň ýokary derejede taýýarlygyny gazanmak;
- mekdep okuwçylarynyň intellektual ösüş aýratynlyklary bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.

3. OLIMPIADANYŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI
3.1. Olimpiada aýratynlykda 11-nji (11-nji synpa çenli) we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler;
3.2. Olimpiadanyň resmi iş dili – türkmen we rus dilleridir;
3.3. Olimpiadada beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanyp, informatikanyň bütin sanlar, hasaplaýyş ulgamy, massiwleri we faýllary tertipleşdirmek, köplükler, matrisalar, tötänleýin sanlar, setir ululyklar, kalendar, kriptografiýa, san yzygiderlikleriniň üstünde amallar bölümlerine degişli;
3.4. Gatnaşyjy ýumuşlary programmirlemegiň «Basic», «Paskal», «C++» ýa-da  «Delphi» dillerini ulanmak arkaly işleýär;
3.5. Olimpiadanyň 1-nji (etrap) tapgyry ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 20-sine her etrap (şäher) bilim bölümi tarapyndan bellenilen mekdepde geçiriler. 1-nji tapgyryň ýumuşlary şol güni 11-nji synp okuwçylar üçin sagat 10:00-da we     12-nji synp okuwçylar üçin sagat 14:00-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynda (tohu.edu.tm) ýerleşdiriler;
3.5.1. 1-nji tapgyryň netijeleri her etrap (şäher) boýunça aýratynlykda hasaba alynýar;
3.5.2. 1-nji tapgyrda her etrapdan (şäherden) tapawutlanan her synpdan 3 okuwçy        2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Etrap (şäher) bilim bölüminiň jogapkär hünärmenleri 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň maglumatlaryny aşakdaky nusga laýyklykda dolduryp, tm.tau.2022@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly;
3.6. Olimpiadanyň 2-nji tapgyry 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ine sagat 10:00-da 11-nji synp okuwçylaryň, sagat 14:00-da 12-nji synp okuwçylaryň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň üsti bilen bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler;
3.6.1. Gatnaşyjylar 2-nji tapgyryň başlanmagyna 1 sagat galanda olimpiadanyň geçirilýän ýerine (Ahal welaýaty, Aşgabat we Arkadag şäherleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Mary welaýaty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Lebap welaýaty Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguz welaýaty Türkmen oba hojalyk institutyna, Balkan welaýaty welaýat Baş bilim müdirligine) barmaly;
3.6.2. Gatnaşyjylaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün edilmelidir. Ähli kompýuterleriň internete çatylmagy hökmanydyr (internet ýeterlikli tizlikde işleýän bolmaly);
3.6.3. Olimpiadany adalatly we guramaçylykly geçirmek maksady bilen 2-nji tapgyryň geçirilýän ýerinde gözegçiligi amala aşyrmak üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan gözegçiler iş sapary bilen ugradylar;
3.6.4. Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara ulanyjynyň ady (login) we parol beriler;
3.6.5. Ulanyjynyň ady (login) hem-de paroly bir gezek ulanmaga niýetlenendir we ony 2-nji tapgyryň geçirilýän güni bellenilen wagtda ulgama girmek üçin ulanyp bolýar;
3.6.6. Gatnaşyjy ulanyş sahypasyna gireninde dersiň okuw maksatnamasyna laýyklykda ýumuşlar açylýar. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýär we jogaplary açylan programma üpjünçiliginde “Jogap” diýen öýjüge meseläniň şertinde görkezilişi ýaly girizýär;
3.6.7. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi berilýän wagt – 120 minut;
3.6.8. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe internet olimpiadasyna degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli;
3.6.9. Gatnaşyjy ýany bilen diňe ýazuw kagyzyny, ruçka, galam alyp biler;
3.6.10. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berlen wagtyň dowamynda gatnaşyjylara okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan, aragatnaşyk serişdelerinden, öýjükli telefonyndan, gözükdirijilerden, maglumat göteriji-geçiriji beýleki islendik serişdelerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär;
3.6.11. Olimpiada gatnaşýan okuwçylar hödürlenen meseleleri özbaşdak çözmeli. Olimpiadanyň geçirilýän wagty goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen gürleşen ýa-da şu düzgünnamanyň 3.6.10 bendini bozan gatnaşyjy olimpiada gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar;
3.6.12. Olimpiadanyň 2-nji tapgyrynyň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär;
3.6.13. Her welaýatdan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 2-nji tapgyrda tapawutlanan okuwçylar olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar;
3.7. Olimpiadanyň 3-nji tapgyry 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 5-ine sagat 10:00-da 11-nji synp okuwçylaryň arasynda, fewral aýynyň 6-syna sagat 10:00-da 12-nji synp okuwçylaryň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirilýär.
3.7.1. 3-nji tapgyrda gatnaşyjylara jemi 7 mesele hödürlener; 
3.7.2. Ýerine ýetirilen her mesele 5 sany barlag testinden geçiriler we her alnan dogry jogap üçin 1 bal hasap ediler;
3.7.3. 3-nji tapgyrda meseleleri çözmek üçin jemi 180 minut wagt berler.

4. OLIMPIADANYŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI YGLAN ETMEK

4.1. Olimpiadanyň jemini jemlemek üçin guramaçylyk topary tarapyndan eminler topary döredilýär;
4.2. Olimpiadanyň deslapky netijesi diňe 3-nji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenip, olimpiadanyň geçirilýän güni yglan edilýär;
4.3. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýatlar boýunça gatnaşyjy ýolbaşçy mugallymyň üsti bilen eminler toparyna ýüz tutup biler; 
4.4. Ýeňijileriň umumy sany olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşyjylaryň 30 % -inden geçmeli däl we ýerler 1:2:3 gatnaşykda bolmaly;
4.5. Olimpiadanyň gutarnykly netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan tassyklanýar;
4.6. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 7-sine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda geçiriler;
4.7. Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: +99312-342680, +99365633644, tm.tau.2022@gmail.com
 
Olimpiadanyň guramaçylyk topary

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52