«GEOMAGLUMAT ULGAMLARY WE ÇÖZGÜTLERI» HAKATON BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

544
18-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigi geçirildi. Ol toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilip, topar agzalary 3 talypdan ybarat boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir topar gatnaşdy. 

Bäsleşigiň şertlerine görä, toparlar kesgitli bir meýdanlar üçin geomaglumatlardan peýdalanyp taýýarlanylan goşundy programma üpjünçiliklerini, web-hyzmatlary, portallary, algoritmleriň toplumyny işläp düzmegiň endiklerini barlamaga gönükdirilen ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de olar GMU taslama taýýarlamak; geoportal; web-hyzmat; mobil goşundy ýaly ugurlara degişli ýumuşlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty baş baýraga, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti I orna, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty II orna, Türkmenistanyň Serhet instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty III orna eýe boldular.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52