HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

431
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz halkara ylmy maslahatlaryň ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrýar.

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guralan halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk edýän ugurdaş ylym-bilim ojaklarynyň talyplarydyr professor-mugallymlary, alymlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylmy taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Onuň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuny toýlamaga uly taýýarlyk görülýän günlerde, Hasyl toýunyň bosagasynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Bu maslahat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýan agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşini gazanmagyň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugurlary hakynda pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow:  «Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir.

Maslahata gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň çykyşlaryna tomaşa etdiler. 

Soňra maslahat «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly 3 bölümde dowam etdi. Olarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk özgertmeleri, şol sanda 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekmegi, 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk institutlarynyň döredilmegi, Arkadag şäherinde ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesini döretmek başlangyjy toplumda amala aşyrylýan özgertmeleri has-da rowaçlandyrýar. Çykyş edenler oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy, täze döredilen görnüşleri, şol sanda Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredilen güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze görnüşleriniň hasyllylygynyň we hil görkezijileriniň ýokarylygy hakynda hem bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň kabul edilendigine, Türkmenistanyň Gün tertibini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyna we Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň ählisini ilkinjileriň hatarynda resmi taýdan kabul eden ýurtdugyna üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşiň 2-nji maksady «Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek» diýlip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýurtda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalaýyn ulgamy işlenilip taýýarlanyldy we ol üstünlikli hereket edýär. Obasenagat toplumynyň we hyzmat ediş pudaklarynyň gurluşlaryny kämilleşdirmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmak, ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, tohumçylygy, ylmy we seçgiçiligi ösdürmek, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan iri maýa goýumlary gönükdirilýär.

Durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi barada Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky meýletin milli synynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün edýär, bu azyk howpsuzlygynyň ýetilen derejesini saklamak we ösdürmek, ilatyň ähli gatlaklary üçin talabalaýyk sagdyn iýmitlenmegi üpjün etmek üçin zerurdyr. 

Şu ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda oba hojalyk ylymlarynyň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi öňümizde wezipe edip goýýar. «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde agrobiotehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy giň mümkinçilikleri döredýär.

«Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli oba hojalyk özgertmeleriniň başynda duran hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Soňra maslahat S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Hasyl toýy mynasybetli geçiren «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigi bilen utgaşdy. «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeleri nutuklaryň gysgaça beýany görnüşinde giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Kadyr AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň 
transfer merkeziniň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52