BIRLEŞMÄNIŇ ILKINJI DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY JOŞGUNA BESLENDI
150Ýakynda uniwersitetimizde «Garagum» edebiýat birleşmesiniň ilkinji döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzda uly dabaralara beslenen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, şygyrlar okaldy, edebiýat birleşmesiniň okuw ýyly üçin meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, işinde geljekde hem rowaçlyklar arzuw edildi.
Duşuşyga uniwersitetimiziň rektorlygynyň, ähli fakultetleriniň wekilleri, şol sanda dilçi we edebiýatçy professor-mugallymlar, halypa we ýaş şahyrlar gatnaşdylar. Ilki bilen, uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory, «Garagum» edebiýat birleşmesiniň başlygy Şahymuhammet Şahyýew çykyş etdi. Ol ylhamly ýaşlaryň döredijiliginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň, ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanynyň joşgunly tolkunlarynyň mynasyp şöhlelenýändiginiň buýsandyryjydygyny nygtady.
«Garagum» edebiýat birleşmesiniň kätibi Rahmanberdi Gökleňowyň, halypa mugallymlar Ogulsona Geldiýewanyň, Baýnazar Goşaýewiň, Aýyt Annaýewiň, Sapargözel Atajanowanyň, Aýjemal Gaýlyýewanyň we beýlekileriň beren maslahatlary talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Talyp deň-duşlarymyzyň döredijilik dünýäsi hakynda gürrüňleri, okap beren şygyrlary has-da ruhlandyryjy boldy. Aşyrgeldi Halmaýew, Selbi Serdarowa, Owlak Işbaýewa, Züleýha Allaberenowa dagylaryň şygyrlary halypa mugallymlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Mahlasy, «Garagum» edebiýat birleşmesiniň ähli agzalary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançly alkyş sözlerini çeper beýan etdiler.
Begenç BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Senagat balykçylygy taýýarlyk
ugrunyň (bakalawr) 2-nji ýyl talyby.