UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILI ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGIŇ 68-nji MEJLISINE GATNAŞDY

162
15 — 21-nji sentýabr aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Orazmuhammet Durdyýew Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) 68-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy hökmünde gatnaşdy.

16-njy sentýabrda Wenadaky halkara agentligiň binasynda 180 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda mejlisiň dabaraly açylyşy boldy. Bu forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň wekilleri çykyş edip, atom energiýasynyň halk hojalygynyň bähbitleri üçin ulanylyşynyň tejribesi we geljekde ulanyp boljak ugurlary barada beýan etdiler.

17-18-nji sentýabrda mejlisiň çäklerinde «Oba hojalygynyň ösüşi abadançylygyň girewi» atly ylmy forum geçirildi. Oňa dürli ýurtlaryň alymlary we bilermenleri gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Forum «Atoms4Food» başlangyjy arkaly ýadro ylmynyň we tehnologiýasynyň oba hojalygyny özgertmekdäki, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuna bagyşlandy. Oba hojalygy we azyk önümçiligi pudagynda ýadro, izotop usullaryny ulanmak bilen baglanyşykly täzeçillik çözgütleri öwrenildi.

Ekerançylygyň, maldarçylyk önümçiliginiň gowulandyrylmagy, şol sanda haýwanlaryň köpelmegi hem-de iýmit önümleriniň yzygiderli öndürilmegi, takyk oba hojalygy ýaly oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ýadro we radiasiýa usullaryny ulanmagyň peýdalary barada maslahat edildi. Hünärmenler bu tehnologiýalaryň ösümlik, haýwan, adam saglygyny gowulandyrmaga, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we halkara söwdany ýeňilleşdirmäge nähili kömek etjekdigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de nuclear-ýadro ylmynyň we tehnologiýasynyň oba ýerlerinde çeşmelere deň elýeterlilige we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga nähili goşant goşup biljekdigi hakynda pikir alşyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm