GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNDA WE NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNDA ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇILDI

267
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň 2-si we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 15-si 2024-nji ýylyň 14 — 21-nji sentýabry aralygynda, «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasynyň Ýewropada öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler.

Germaniýanyň Mangeým şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň traktor öndürýän kärhanasynda hünärmenler bilen duşuşyk geçirilip, kompaniýanyň döreýiş taryhy we ösüşleri, gazanan üstünlikleri, geljekde meýilleşdirilýän işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Tejribelik geçýänler kärhananyň önümçilik toplumyna baryp, bu ýerde öndürilýän 6110M, 6120M, 6130M, 6140M, 6145M, 6155M, 6175M, 6195M hem-de R8 kysymly traktorlaryň iň ownuk şaýlaryndan başlap taýýar tehnikanyň gurnalmagyna çenli ähli işler bilen tanyşdylar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bölümlerde işleriň köp bölegi robotlaryň we ýörite maşynlaryň kömegi arkaly ýerine ýetirilýär.

Soňra Bruhzal şäherinde ýerleşen kabinalary öndürýän kärhana, onuň ätiýaçlyk şaýlar ammary bilen tanyşlyk guraldy. Kaýzerslautern şäherinde ýerleşen, kompaniýanyň täzelikleriniň, açyşlarynyň we öňdebaryjy innowasiýalarynyň çeşmesi bolan Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezinde oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek boýunça «Work Planner» programmasynyň aýratynlyklary barada okuwlar geçirildi. Olarda oba hojalyk tehnikalarynda we enjamlarynda sanly elektron dolandyryş ulgamyny talyplara öwretmegiň usulyýeti barada pikir alşyldy. 

18-nji sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherinde ýerleşýän özi hereketlenýän we süýreme pürküjileri öndürýän kärhana barlyp görüldi. Bu ýerde guralan tanyşlygyň dowamynda pürküjileriň iň häzirki zaman nusgalary we olaryň innowasion mümkinçilikleri, aýratyn-da, «See and Spray» ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berildi. Soňra kärhananyň önümçilik toplumynda süýrelýän M700, M700i, M600, M600i, A700, A700i, A600, A600i we özi hereketlenýän R 41 seriýaly 40i we 50i pürküjileriň önümçiligi bilen tanşyldy. Talyp ýaşlar olaryň ýygnalyşyny, reňklenişini we gutarnykly synagdan geçirilişini synlamaga mümkinçilik aldylar. 

Saparyň çäginde agzalan şäherleriň gözel we taryhy ýerlerine gezelençler guraldy. Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary öz ugurlary boýunça tejribelerini artdyrdylar.

Allamyrat DURDYMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygyny 
elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak 
kafedrasynyň müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm