UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILLERI HALKARA MEÝLETINÇILER FORUMYNA GATNAŞDYLAR
3442024-nji ýylyň 31-nji iýuly — 3-nji awgusty aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Halkara meýletinçiler forumy geçirildi. Ol dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, professor-mugallymlaryny we hünärmenlerini bir ýere jemledi. Foruma S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy Kadyr Amanow we Oba hojalyk meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Süleýman Mämmetmyradow, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň başga-da birnäçe wekili gatnaşdy.
4 gün dowam eden halkara forumyň esasy maksady GDA ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde döwletara hyzmatdaşlygy we meýletinçilik işini ösdürmekden ybarat boldy.
Halkara meýletinçiler forumynyň resmi açylyşy Yssyk kölüniň kenarynda ýerleşýän «Akun» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda geçirildi. Açylyş dabarasynda Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, GDA-nyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlar esasy mejlisde we bölümçelerde dowam etdirildi. Birinji bölümçe «Meýletinçilik we Durnukly ösüş maksatlary: Ählumumy meseleler we ýerli çözgütler» ady bilen geçirildi. Ikinji bölümçede meýletin taslamalary işläp düzmek, durmuşa geçirmek we meýletinçilikde sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça pikir alşyldy. Üçünji bölümçe «Serhetsiz meýletinçiler: Üstünlikler we päsgelçilikler» ady bilen geçirildi. Dördünji bölümçe «Toparlara bölmek: Interaktiw oýunlar we gözlegler» diýlip atlandyryldy. Olarda GDA ýurtlarynda meýletinçiligiň ösüşine syn berildi we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Saparyň barşynda Yssyk kölüne gämili syýahat guraldy. Foruma gatnaşyjylar bu ýerleriň gözel tebigaty, kölüň ajaýyplygy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Halkara forum medeni maksatnama bilen jemlendi. Ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda gyrgyz halkynyň däp-dessurlary, milli medeniýeti giňden şöhlelendirildi.
Kadyr AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
umumy himiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi, Tehnologiýalaryň
transfer merkeziniň başlygy.