UNIWERSITETIMIZIŇ GOŞGULAR ÝYGYNDYSY ÇAP EDILDI
445Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň «Pähim-paýhas ummanynyň owazy» atly goşgular ýygyndysy taýýarlanyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda çap edildi. Kitap hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy hakynda aýdanlary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilen başlanýar. Onuň başynda uniwersitetiniň rektory Allaberdi Gapurowyň «Türkmen kalbynyň owazy» atly sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Kitapda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 80 awtoryň eseri, şol sanda onuň garamagyndaky Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň goşgulary bar. Kitap Magtymguly Pyraga bagyşlanan owadan suratlar bilen bezelipdir.
Goşgular ýygyndysynda bellenişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi ähli ildeşlerimiziň, şol sanda bilim işgärleriniň, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň kalbyny joşdurýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleri bahasyna ýetip bolmajak döredijilik mekdebi bolup, halkyň ruhy galkynyşyny üpjün edýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň biragyzdan goldaw tapmagy, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna uly sarpa goýýan nesilleri has-da ruhlandyrýar.