TALYBYMYZ HALKARA BÄSLEŞIKDE ÝEŇIJI BOLDY

477
Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň Gazak-nemes uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynyň milli tapgyryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendiklerini habar beripdik.

30-njy maýda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, oňa 7 döwletiň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň ýokary okuw mekdeplerinden 1-nji we 2-nji tapgyrda ýeňiji bolan jemi 25 talyp gatnaşdy. Onuň netijelerine görä, her döwletden 1 sany I orun kesgitlendi.

Ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Jora Džumakulow I orna mynasyp boldy. Ol bäsleşige Durnukly ösüş maksatlarynyň «Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak» atly 14-nji maksadyna hem-de «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologiki köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» atly 15-nji maksadyna degişli «Suw we ýer serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak» ugry boýunça gatnaşdy. Onuň «Gün energiýasyny peýdalanyp, arassa suw almak» atly ylmy taslama işi eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm