BÜTINDÜNYÄ BANKYNYŇ WEKILI OKUW SAPAGYNY GEÇDI
392Golaýda Bütindünyä bankynyň wekiliýeti ýurdumyzda saparda bolup, Bütindünýä Söwda Guramasynyň tehniki kömegi bilen baglylykda, oba hojalyk syýasaty meseleleri boýunça duşuşyklary we okuw maslahatlaryny geçirdi. 23-nji maýda Bütindünýä bankynyň wekili Wolha Rahanskaýanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary üçin okuw sapagy guraldy. Onuň dowamynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň maksady we alyp barýan işleri, agzalarynyň oba hojalygy boýunça Ylalaşygy, bu gurama goşulmak boýunça işleriň tapgyrlarydyr netijeleri hakynda gürrüň edildi.
Okuw sapagynda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň netijeleri, dünýäniň oba hojalyk önümleriniň we harytlarynyň bazary, eksporty goldamak boýunça çäreler hakynda aýdyldy, bu ugurda halkara tejribeler beýan edildi. Şeýle-de oba hojalygy bilen baglanyşykly sanitar hem-de fitosanitar çäreler, ýeňillikler, ygtyýarlylandyryş işi we tehniki meseleler barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny belende galdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, ählumumylaşmak işini ilerletmäge ýardam berýändigi nygtaldy.
Okuw sapagynyň ahyrynda özara sowal-jogap alşyldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Kerimberdi NURNYÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň
ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti
kafedrasynyň mugallymy.