YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE INNOWASIÝALARYŇ ÄHMIÝETI HAKYNDA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

450
Geçen şenbede S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Onuň temasy ykdysadyýeti ösdürmekde innowasiýalaryň ähmiýeti barada boldy. Duşuşykda uniwersitetiň mugallymy Mähri Hojamuhammedowa möhüm ugurlaryň biri bolan ykdysadyýeti ösdürmegiň ýollary, bu pudakda innowasiýalaryň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdi.

Mugallymyň aýdyşy ýaly, innowasiýalar arkaly ösüş ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry hökmünde ykrar edilýär. Ykdysady ulgama girýän ähli kärhanalaryň dünýäniň iň täze tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, innowasiýalaryň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny hil taýdan özgertmäge mümkinçilik berýär.

Innowasiýalar, ilki bilen, täze tehnikalaryň, tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin, innowasiýa, ýagny täzeçilligi girizmek sarp ediji tarapyndan talap edilýän ylmy-tehniki işjeňligiň netijesi bolup durýar.

Awstriýaly ykdysatçy alym Ý.Şumpeter tarapyndan esaslandyrylan innowasiýa nazaryýeti häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar. Innowasiýa bütin dünýäde ykdysady özgertmeleriň esasy şerti hökmünde seredilýär. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýa işiniň täze önümçiligi ýola goýmak ýa-da täze tehnologiýany döretmek üçin degişli önümçilik enjamlaryny almak bilen bagly taýýarlyk we guramaçylyk işleri, bazara täze önümi çykarmak bilen bagly bolan marketing barlaglaryny geçirmek, şol sanda bazary öwrenmek, mahabat işlerini guramak ýaly birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda innowasiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmekde tutýan orny, sanly ulgamyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy.

Saparmyrat MAKSATMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň
Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm